Türkmençe
Русский
English
Türkmenistanyň Energetika ministrligi daşarky elektrik üpjünçiliginiň gurluşygy üçin enjamlaryň we materiallaryň getirilmegi üçin lotlar boýunça halkara bäsleşigini yglan edýär:
Bölünmeýän lot 1-kabel we kabel önümleriniň getirilmegi
Bölünmeýän lot 2- 10 kW we 35 kW güýjenmeli içerki gurnamanyň toplumlaýyn paýlaýjy gurluşynyň getirilmegi
Bölünmeýän lot 3-Güýç transformatorynyň we elektrotehniki enjamynyň getirilmegi
Bölünmeýän lot 4-AC görnüşli daşy örtülmedik alýumin siminiň getirilmegi
Gerekli resminamalar:
-Türkmenistanyň Energetika ministriniň adyna bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we rekwizit maglumatyny görkezmek bilen ýazmaça arza
-Lot boýunça ýöriteleşmesini we tehniki talaplaryny Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Uzak möhletleýin ösüş, täze tehnologiýalary ornaşdyryş we düýpli gurluşyk bölüminden şu salgy boýunça almaly: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 2022 köçe, 55 jaý.
-Lot üçin 500 $ amerikan dollaryny (Goşulan baha salynýan salgytsyz we bank tölegsiz) töläp bäsleşigiň resminamalarynyň toplumyny almaly.
Bäsleşik üçin teklipler 2019-njy ýylyň 30-njy sentýabryna 16:00 çenli kabul ediler.
Bäsleşik boýunça tekliplere pul serişdesi bank hasabyna geçirilenden soň serediler.
Telefon belgileri: 37-94-31, 37-94-33