Тендер

   

Türkmenistanyň Energetika ministrligi  

metalprokaty, alýumin katankalary we polat ýadrosyny ýasamak üçin sim getirmek boýunça üpjün edijileri saýlap almak boýunça deslapky hünär dereje işlerini geçirilýändigini yglan edýär:

 

Gerekli resminamalar:

- Deslapky hünär dereje işlerine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Energetika ministriniň adyna doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we rekwizit maglumatyny görkezmek bilen ýazmaça arza; 

  - Deslapky hünär dereje işlerine gatnaşmak üçin ýumşy we potensial üpjün edijilerden talap edilýän resminamalaryň sanawyny  Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Uzak möhletleýin ösüş, täze tehnologiýalary ornaşdyryş we düýpli gurluşyk bölüminden şu salgy boýunça almaly: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 2022 köçe, 55 jaý.

          Kwalifikasýon işe gatnaşmak üçin arzalar 2020-nji ýylyň 11-nji maýyna 16:00 çenli kabul ediler.

 

                                                             Telefon belgileri: 37-94-31, 37-94-33