Agrar partiýa Agajan Bekmyradowy Türkmenistanyň wezipesine dalaşgärlige hödürledi

15-nji fewralda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi. Gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesine laýyklykda, partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hödürlenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gurultaýda Agrar partiýadan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde dalaşgärlige hödürlenildi. Gurultaýyň agzalary tarapyndan bir agyzdan ony iň ýokary döwlet wezipesine hödürlemek baradaky çözgüt kabul edildi.

Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-gurluşykçy hünärini boýunça tamamlady. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap geňeşinde, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesinde işledi we 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär. A.Bekmyradow ussat hojalykçy bolmak bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, halkyň döreden milli gymmatlyklarynyň ähmiýetine düşünýän we öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärli çemeleşýän adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy.

14-nji fewralda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi. Dalaşgär şu gün Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary tarapyndan bellige alyndy, şeýle hem oňa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçirmek bellenildi.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: