Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny ösdürmek meselelerine garaldy

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Bellenilişi ýaly, goňşy ýurtlara iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. 

Şunuňbilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň «Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama goşmaça Ylalaşygy baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny nygtady. Energiýa ulgamy diňe bir Diýarymyzyň çäginde elektrik energiýasynyň ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem ýardam etmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy diýlip, çeşmede bellenilýär. 

Täzelikler

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: