Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ahalyň täze edara ediş merkeziniň taslamasynyň durmuşa geçirilişine garaldy

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Hökümet mejlisiniň dowamynda Mejlisiň Başlygy täze merkezi «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Şeýle hem resminama laýyklykda: Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Arkadag şäherine geçiriler.

Şeýle hem «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, halkyň erk-islegi esasynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berildi. 

Täzelikler

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: