Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada şertnamalarynyň möhletini uzaldar

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaldar we iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini, bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşar. Degişli Permana hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Täzelikler

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: