Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Bu ýerde ýaş aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar tans toparlarynyň gatnaşmaklarynda baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Arkadagly Serdarymyz olara minnetdarlyk bildirdi we nesilleriň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ajaýyp dessurlaryň dowamlylygyny alamatlandyrýan asylly ýörelgelere eýerip, çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlandy.

Bu ýerde guralan dabara gatnaşan çagalaryň hemmesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Täzelikler

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: