Türkmenistanda 2023-nji ýyly baýramçylyk dabaralary bilen garşy aldylar

Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen atlandyrylan Täze 2023-nji ýyly baýramçylyk dabaralary bilen garşy aldylar diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda aýdymlar ýaňlandy, bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşyndan gol tutuşyp aýlandylar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary – meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistleri täze aýdymlary, tansdyr sazly kompozisiýalary, dürli sahna oýunlaryny, çykyşlary taýýarlapdyrlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenmegi baýramçylygyň iň tolgundyryjy pursatlary boldy. Döwlet Baştutanymyz tamamlanyp barýan ýylyň esasy wakalary barada durup geçdi, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna gysgaça häsiýetnama berdi hem-de Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň geçen ýyldaky netijelerine baha berdi.

Täze ýyl baýramçylygy ajaýyp feýerwerk şüweleňi bilen tamamlandy.

Täzelikler

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: