Şu ýylyň ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça Energetika ministrligi önüm öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 113,7 göterim berjaý etdi. Bu barada wise-premýer Ç.Pürçekow 3-nji fewralda geçirilen ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty we kärhanalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.