Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi sapar bilen BAE bardy

11-12-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary amala aşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän «Şeýh Zaýed» metjidine baryp gördi. Merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň metjitdäki aramgähinde Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.

«Al Şatiýe» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasay bilen hem duşuşygy boldy.

12-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň, «Masdar», Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň we Abu-Dabiniň port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler hem-de birnäçe bilelikdäki resminamalara gol çekdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Täzelikler

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: