«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Arkadag şäheriniň häkimligi diýlip atlandyryldy diýip, TDH habar berýär.