Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk işleri boýunça orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda depginli dowam etdirilýän oba hojalyk işlerini agretehniki talaplara laýyklykda alyp barmak babatda degişli tabşyryklary berdi.