12-nji aprelde, Kosmonawtika gününde we Adamyň kosmosa uçmagynyň halkara gününde A.S. Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Gagariniň ýadygärligine gül desselerini goýdular diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri habar berýär.
Kosmonawtika güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işleri boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýlip, çeşmede bellenilýär.