1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri bilen bagly meselelere garaldy.