Mary döwlet elektrik stansiýasy

Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, onuň birinji energoblogy 1973-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1987-nji ýylda onuň 8-nji energoblogunyň ulanyşa girizilmegi bilen stansiýanyň bellenilen kuwwaty 1685 MWt-a deň boldy. Mary döwlet elektrik stansiýasy şol döwürde orta Aziýada iň uly elektrik stansiýa bolmak bilen, ýurdymyzyň hem-de goňşy döwletleriň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan islegini doly kanagatlandyrdy. Uzak ýyllaryň dowamynda işläp könelişmegi bilen baglylykda, 2-nji we 5-nji energobloklaryň hasapdan öçürilmegi netijesinde elektrik stansiýanyň köne böleginiň taslama kuwwaty 1265 MWt-a çenli peseldi. Hormatly Prezidentimiziň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmek barada edýän atalyk aladalarynyň netijesinde, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda taslama kuwwaty 146,7 MWt bolan 3 sany gaz turbinalaryň hem-de 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda utgaşykly dolanyşykda işleýän, taslama kuwwaty 1574 MWt bolan täze elektrik stansiýanyň işe girizilmegi netijesinde elektrik stansiýanyň jemi kuwwaty 2985,7 MWt-a çenli ýokarlandy. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýanyň açylyş dabarasynda dünýäniň abraýly guramalary tarapyndan “Ýokary tehnologiýaly desga”, “Ýaşyl ykdysadyýetli desga”, “Energotygşytlaýjy desga” atly birnäçe halkara sertifikatlaryň gowşurylmagy, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýerleşýän ýeri