Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy

18-19-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilýän BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Durnukly energetika hepdeliginiň çäginde geçirilen çärelere gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow bu çäräniň «UNECE sebitinde adalatly geçiş üçin mümkinçilikleri kesgitlemek» atly bölümçesinde çykyş etdi. Bölümçäniň dowamynda ýurtlaryň ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçiş prosesinde öňdebaryjy tejribe we bar bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, 19-njy sentýabrda hepdelikde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Diplomat öz çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi we 2025-nji ýylda SPECA-da (BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy) Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäginde ileri tutulýan wezipeleriň ähmiýetini belledi.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň esasy şertleriniň hatarynda çykyş edýän durnukly energetika we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ugurlaryny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Hususan-da Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda taslamalary öňe sürmek ýaly ileri tutulýan ugurlara ünsi çekdi.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: