Türkmenistanda CIET-2024 halkara forumy tamamlandy

Şu gün, 5-nji noýabrda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahat öz işini tamamlady.

Forumyň jemleýji gününde «Tehnologik innowasiýalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gurluşygy, senagaty we energetika pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak» atly 5-nji mowzuklaýyn mejlis, foruma gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy hem-de metbugat maslahaty geçirildi.

Halkara maslahatyň jemleýji mejlisine ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlar we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, bilimli ýaşlary, ökde hünärmenleri taýýarlamakda ýurtda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň usullary barada pikir alyşdylar.

Mejlisden soňra halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara diplomlardyr baýraklar gowşuryldy. Sergä işjeň gatnaşandygy üçin 31 sany kompaniýa diplom bilen sylaglandy. Halkara maslahat bilen baglanyşykly hem 4 ugur boýunça jemi 35 kompaniýa «Energetika pudagynda gazanan üstünlikleri üçin», «Gurluşyk pudagynda gazanan üstünlikleri üçin», «Innowasiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin», «Maslahat berijilik ugrunda gazanan üstünlikleri üçin» diýen diplomlar bilen sylaglanyldy.

Köpugurly sergi-maslahatyň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahaty halkara forumyň ähmiýeti, onda kabul edilen çözgütler, baglaşylan şertnamalar, täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşmaga, foruma gatnaşyjylar bilen sowal-jogap alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: