Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

Turkmen Energy Forum (TEF) kompaniýasynyň wekilleri 24-27-nji fewral aralygynda Londonda geçirilen iki iri halkara çäresinde, ýagny «Platts London Energy Forum 2025» we «London Energy Week» forumlaryna işjeň gatnaşdylar. Iki forum hem dünýäniň ähli künjeklerinden energetika pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini dünýä energetikasynyň möhüm meseleleri we meýilleri boýunça pikir alyşmak üçin bir ýere jemledi.

S&P Global Platts kompaniýasy tarapyndan guralan «Platts London Energy Forum 2025» forumyna 200 kompaniýadan we 40 ýurtdan 500-den gowrak wekil gatnaşdy. Forumda esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleler: adaty we geljekki energiýa çeşmeleriniň utgaşmasy, dünýäniň dürli sebitlerinde peýdalanylýan gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylyşy, uglewodorodlardan ýüz öwürmegiň we arassa energiýa geçmegiň meseleleri boldy.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy foruma gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. «Ýewropa jähti boýunça dünýä gazy» mejlisiniň çäklerinde türkmen gazynyň Türkiýä swap usuly bilen iberilmegi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. S&P Platts kompaniýasynyň bilermenleri Türkmenistanyň her ýyl Hytaýa eksport edýän 30 milliard kub metr gazynyň 60 million tonna kömre barabar bolup, ýurduň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga uly goşant goşýandygyny bellediler.

Forumyň möhüm meýli hökmünde nebit-gaz pudagyna emeli aňyň işjeň ornaşdyrylmagy boldy. Geçen ýylky çäre bilen deňeşdirilende, ol ýerde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine üns berlip, şu ýylky foruma gatnaşyjylary energetik geçiş üçin ekologiýa taýdan arassa ýangyç hökmünde tebigy gazyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Forumlaryň çäklerinde TEF kompaniýasynyň wekilleri 23-25-nji aprelde Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýetine Maýa Goýumlaryny Çekmek boýunça Halkara Forumy (TEIF 2025) bilen bu çärelere gatnaşýanlary tanyşdyrdylar. Bu forumda «Galkynyş» gaz ýatagynyň özleşdirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklaryny özleşdirmäge gatnaşmak, özleşdirilip ýören ýataklarda gazyp almagy optimizirlemek we beýleki ugurlar ýaly esasy maýa goýum taslamalaryny görkezmek meýilleşdirilýär.

S&P Global Platts kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kreýg Pauers bilen duşuşykda kompaniýanyň bilermenleri TEIF 2025 forumynda mejlisleriň alyp baryjylary hökmünde çekilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň hünärmenleri üçin tehniki türgenleşik okuwlaryny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmakda, aýratyn-da Çaljülbe (Derweze) ýatagynda gazanan oňyn tejribesi foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Derweze boýunça täzelenen maglumatlar bilen ylmy makala taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Bilermenler 5-nji iýunda Aşgabatda geçiriljek «Uglewodorod ýataklaryny işläp geçmegiň ekologiki jähtleri (TESC 2025)» atly ylmy-amaly maslahatyna çagyryldy.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: