Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Gülşat Gurbandurdyýewa Deli şäherinde (Hindistan) «National Annual Energy Corporationyň» (NTPC) Biznes mekdebinde geçirilen mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek üçin guralan okuw maslahatyna gatnaşdy.

10 ýurtdan gelen 19 wekili, ýagny energetika pudagynyň hünärmenlerini we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny bir ýere jemlän bu okuw maslahaty ýurtlaryň ýa-da sebitleriň arasynda elektrik energiýasynyň söwdasynyň meýilnamalaşdyrylyşyna, şol sanda elektrik energiýasynyň serhetaşa söwdasynda ulanylýan bazar gurluşyna we söwda mehanizmlerine, elektrik energiýasynyň alyş-çalyşlaryna, tematiki gözleglere we serhetüsti elektrik söwdasynyň mümkinçiliklerine hem-de kynçylyklaryna bagyşlanyldy.

Umuman, serhetaşa elektrik söwdasy boýunça okuw maslahaty gatnaşyjylara meýilnamalaşdyrmagyň we serhetaşa elektrik söwdasyny üstünlikli alyp barmagyň tehniki we kadalaşdyryjy taraplary barada giňişleýin düşünje berdi.

Hindi Tehniki we Ykdysady Hyzmatdaşlyk («ITEC») maksatnamasynyň çäginde guralan bu okuw maslahaty hyzmatdaş ýurtlaryň hünärmenlerine tejribe alyşmaga, iň täze tehnologiýalary we çemeleşmeleri özleşdirmäge, şeýle hem hünär ugurlarynda gözýetimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýän hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Gülşat Gurbandurdyýewa Türkmenistanda serhetaşa elektrik energiýasynyň söwdanyň ösüşi barada hasabat bilen çykyş etdi. Okuw maslahatynyň ahyrynda Gülşat Gurbandurdyýewa «NTPC» Biznes mekdebiniň rektory tarapyndan sowgat we şahadatnama gowşuryldy.

«NTPC» (Milli Ýylylyk Energetika korporasiýasy) Hindistanda elektrik energiýasyny öndürmek bilen meşgullanýan iň uly döwlet kompaniýasydyr. «NTPC» 1975-nji ýylda esaslandyrylyp, ýurtda öňdebaryjy elektrik öndürijileriniň biridir. Köp sanly ýylylyk elektrik stansiýalaryny dolandyrmak bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan: gün we ýel energiýasy ýaly taslamalaryny işjeň alyp barýar.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: