Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

Baku şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

4-nji aprelde bolan çäräniň dowamynda çykyş etmek bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurduň energiýa strategiýasy, halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, Günorta gaz geçelgesiniň taslamasynyň sebit we halkara ähmiýeti barada jikme-jik gürrüň berdi.

Çykyş edenler Günorta gaz geçelgesiniň häzirki ählumumy geosyýasy şertlerinde Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

«Trans Adriatik» turbageçirijisi arkaly gaz üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem Ýewropa käbir ýurtlaryna — Günorta-Gündogar we Merkezi Ýewropa döwletlerine gazy eksport etmegiň mümkinçiligi ýaly Günorta gaz geçelgesiniň infrastrukturasyny giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Hazar deňzinde ýerleşdiriljek ýel elektrik stansiýalaryny goşmak bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary barada pikir alyşmalar geçirildi.

Şeýle hem ýaşyl energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: