2-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» («CIET 2025») atly halkara maslahatyň we serginiň öňýanyndaky çäreler geçirildi. Hazaryň türkmen kenaryndaky dynç alyş zolagyna döwlet edaralaryndan, halkara guramalardan we öňdebaryjy kompaniýalardan wekiller gelip, forumyň resmi myhmanhanalarynda akkreditasiýa işleri guraldy.
Maslahata gatnaşýanlaryň amatlylygy üçin Aşgabat Halkara howa menzilinden sagat 11:00-da we 15:30-da iki sany ýörite çarter gatnawy amala aşyryldy. «Awaza» halkara howa menzilinde myhmanlary guramaçylyk komitetiniň wekilleri garşylady, ýörite awtobuslar bolsa olary «Şamekan», «Berkarar» we «Nebitçi» myhmanhanalaryna alyp bardy.
Akkreditasiýa işleri sagat 14:00-dan 21:00-a çenli forumyň myhmanhanalarynda geçirildi. Wekiliýetleriň agzalary forumyň maksatnamasy, maglumat serişdeleri we guramaçylyk komitetiniň aragatnaşyk maglumatlary bilen üpjün edilen beýj kartlaryny we garşy alyş bukjalaryny aldylar. Daşary ýurtly wekiller, çykyş edýänler we metbugat wekilleri üçin aýratyn bellige alyş stollary guraldy.
«CIET 2025» halkara maslahaty we sergisi 3-4-nji noýabr aralygynda Awazada geçiriler. Forumyň maksatnamasynda plenar we mowzuklaýyn sessiýalar, işewür gepleşikler, B2G we B2B duşuşyklary, sergi ekspozisiýasy we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilen medeni çäreler bar.
Maslahaty Türkmenistanyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleri, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi guraýar.
Hyzmatdaş guramaçy hökmünde «Türkmen Energiýa Forum» kompaniýasy «S&P Global Commodity Insights» bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Giňişleýin maglumat forumyň resmi web saýtynda ýerleşdirilendir: www.ciet-turkmenistan.com