Türkmenistanyň energetika ministrligi täze tender yglan edýär

Türkmenistanyň energetika ministrligi Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça konsalting hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde halkara tenderini geçirýändigini yglan edýär. Tendere gatnaşmak isleýän kompaniýalar 2021-nji ýylyň 14-nji dekabryna çenli (ýerli wagt bilen 16:00-a çenli) gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statusyny hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezip, Türkmenistanyň energetika ministrine ýazmaça arza tabşyrmaly. Lotuň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary Türkmenistanyň energetika ministrliginiň ösüş, täze tehnologiýalar we gurluşyk bölüminden şu salgy boýunça alyp bolýar: Aşgabat ş., 2022-nji köçe, 55-nji jaý. Tender resminamalarynyň paketi 1500 ABŞ dollary möçberinde töleg geçirilenden soň berler (NDS we bank tölegsiz). Tender ýüztutmalary diňe hasaba pul serişdeleri geçirileninden soň seljeriler. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 37-94-31, 37-94-33

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: