Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowyň arasynda penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda özara gatnaşyklar meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mikail Çingiz ogly Jabbarow Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň maslahatlarynyň maksatlara ýetmek hem-de döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak işlerini ilerletmek üçin zerur bolan esasy döredýändigini nygtady.

Türkmen Lideri dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýýan Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny belledi.

Prezident hem-de myhman syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, özara maýa goýumlaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Telekeçilik işi, forumlary guramak üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertleriniň mundan beýläk-de döredilmeginiň wajypdygy bellenildi. Şolar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.

Duşuşygyň barşynda iki goňşy döwletiň çäk taýdan ýerleşişiniň ýük daşamagyň amatly guryýer we deňiz ýollaryny, olaryň halkara ulag düzümine goşulyşmagyny üpjün edýän yklymara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýändigine üns berildi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana bolan saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar ulag-logistika gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň döwrebap düzümini netijeli ulanmak bilen, dürli döwletlere üstaşyr hyzmatlary hödürleýändikleri nygtaldy. Munuň özi sebitara gatnaşyklaryň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Ýatlatsak, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu ýatagy işläp taýýarlamak boýunça taslama gatnaşmak meýlini «Lukoýl» rus nebit kompaniýasy beýan etdi.

Täzelikler

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: