Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginde kabul edildi

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginde hanym Takako Suzuki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köp ýyllyk gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak barada pikir alyşdylar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni we ynsanperwer ugurlarda netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň gün tertibinde Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär, bilelikde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar, maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça yzygiderli gepleşikler geçirilýär. Mysal üçin, şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy işe girizildi. Bu taslama Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.

Taraplar duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meselelere ünsi çekdiler.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: