Hytaýyň prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini XXIV Olimpiýa gyş oýunlarynyň açylyş dabarasyna çagyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Bu barada “Türkmenportal” habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ilçisine Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyna ýazan hatyny gowşurdy.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda resmi taýdan ýola goýuldy.

Öz gezeginde, HHR-iň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ähli türkmen halkyna parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan eden gutlag hatyny gowşurdy.

Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutanyna şu ýylyň 4 – 20-nji fewraly aralygynda Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga resmi diplomatik çakylyk haty gowşuryldy.

Çakylyk hatynda, hususan-da: “Hytaý tarapy 2022-nji ýylyň 4-nji-20-nji fewraly aralygynda Pekinde gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirer. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini nazara almak bilen, hytaý tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň Pekinde geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrýar” diýip bellenilýär.

Dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy we ony Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny gowşuryp, Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Liderine Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Baştutany deňhukuklylyk, özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk bilen üstüniň ýetirilýändigi bellenildi.Şunda Hytaý tarapyna ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine hem-de biziň halkara başlangyçlarymyza, tekliplerimize goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we HHR-iň uly Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana berk jan-saglyk, abadançylyk we üstünlik hem-de Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: