Türkmenistan we Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi hyzmatdaşlygyny giňelder

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi (HEB) bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada şu gün Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolmak bilen, global derejede sanlylaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy halkara gurama hasaplanylýar. Türkmenistan bu guramanyň agzasy hökmünde ulgamlaýyn esasda işjeň halkara hyzmatdaşlygyny saklaýar.

Bu ugurda bilelikde amala aşyrylan üstünlikli işleriň mysaly hökmünde Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52° E” emeli hemrasynyň kosmos giňişligine uçurylmagyny aýtmak bolar.

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, ýurtda sanly ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin belli bir ugurda Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmek teklip edilýär.

Hususan-da, kiberhowpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistanyň Milli kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň hem-de Hereketler meýilnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň birinji ýarymynda HEB bilen Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň arasynda olaryň işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek, milli kiberhowpsuzlyk türgenleşiklerini guramak hem-de sebit derejesinde geçirilýän kibertürgenleşiklere gatnaşmak, ilatyň arasynda kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça düşündiriş işlerini geçirmek teklip edilýär.

“Elektron hökümetiň” ýola goýulmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçirilmeginiň esasy ugry bolup durýar. Birleşigiň bu babatda toplan tejribesine esaslanyp, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde HEB-niň hünärmenleriniň gatnaşmagynda pudagara duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

2012-nji ýyldan bäri dünýä derejesinde sanly ulgam we innowasion tehnologiýalar boýunça bilimi ýokarlandyrmak babatda Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň akademiýasy hem hereket edýär. Akademiýa tarapyndan amala aşyrylýan “Sanly özgeriş merkezleri” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli hünärmenleri, tehniki işgärleri we talyplary üçin aýratyn okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bu maksatnama halkara maglumat, kommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamlarynda dünýä derejesinde toplanan tejribe bilen tanyşmak we döwletde ornaşdyrmak üçin okuw çärelerini öz içine alar.

Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, wise-premýer, daşary işler ministri Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin 2022-nji ýylyň iş meýilnamasynyň taýýarlanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu meseläniň örän möhümdigini hem-de sanlylaşdyrmak ulgamynda döwlet syýasaty bilen baglydygyny nygtady.

Innowasion ösüş ýoluna düşen Türkmenistan döwrüň talaplaryna laýyklykda, örän wajyp wezipeleri öz öňünde goýýar. Şolaryň hatarynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek wezipeleri bar.

Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky teklipleri tassyklap, döwlet Baştutany bu meselede birnäçe anyk görkezmeleri berdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Täzelikler

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

2025-02-11 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy

2025-01-30 / Syýasy

Halkara energetika hartiýasynyň Baş sekretary TEIF 2025 forumynda ekologiýa maksatnamasy bilen tanyşdyrar

2025-01-17 / Syýasy

Türkmenistan Tähranda geçiriljek gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça halkara sergisine gatnaşmaklyga çagyryldy

2025-01-13 / Syýasy

Yslamabatda Türkmenistanyň ulag we energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy boýunça çykyş edildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: