Türkmenistanyň Prezidentine Halk Maslahatynyň nobatdan daşary ýygnagyna sebitleriň taýýarlygy barada hasabat berildi

Şu gün geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewden we welaýat häkimlerinden ýerlerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabatlary diňledi.

Hasabatlarda aýdylyşy ýaly, bu iri syýasy çärä ýerlerde ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Halk Maslahatyna welaýatlaryň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşar.

Şeýle hem welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy —–sürüm we tekizleýiş işleriniň barşy hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri zerur tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň netijeli peýdalanylmagyna, obasenagat toplumyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milletiň Lideri ýer eýelerine goldaw bermek we oba hojalygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de maksatnamalaýyn işleriň amala aşyryljakdygyny belläp, bu ugurda ýene sanlyja günden geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul etmek göz öňünde tutulýan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” hem möhüm wezipeleriň ileri tutulýandygyny nygtady.

Şoňa görä-de, geljek 30 ýyla niýetlenen bu maksatnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda hiç bir zat ünsden düşürilmeli däldir diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini hemmetaraplaýyn guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: