Türkmenistanyň Prezidenti energetika senagatynyň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça tabşyryklary berdi

5-nji aprelde ýolbaşçylary wezipä bellemek bilen bagly geçiren maslahatynda Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Hajymuhammet Rejepmyradowy energetika ministri wezipesine bellemek barada karara gelendigini mälim etdi we onuň bu wezipede nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.

H.Rejepmyradow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň elektroenergetika senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeleri öz wagtynda amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, giň möçberli Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan energetika senagatyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bar bolan kuwwatlyklary, şol sanda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany — Gün we ýel energiýasyny ulanmagy ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek arkaly, yzygiderli artdyrmak babatda gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, H.Rejepmyradowa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: