Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen ýörişe ýolbaşçylyk etdi

3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Şu gezekki welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly bezegine öwrülen «Welosiped» bi-nasynyň ýanyndan badalga aldy.

Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem bar.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça agzybirlikde herekete başladylar.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gülläp ösüşini hem-de türkmen sportuny wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyga özboluşly sowgat boldy.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda ajaýyp beden we sport taýýarlygyny, şahsy göreldesi bilen işjeň hem-de sagdyn durmuş ýörelge-si¬niň artykmaçlyklaryny görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýolugra Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, ýol düzümleriniň desgalarynyň bezegi babatda, şol sanda ýerasty geçelgeleriň hem-de ýol aýrytlarynyň ýanaşyk çäkleriniň milli bezeg usullaryny, hususan-da, özboluşly mozaika böleklerini ulanmak arkaly ýerine ýetirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyryp, türkmen paýtagtynyň yzygiderli abadanlaşdyrylmagyna hem-de bagy-bossanlyga bürelmegine, şäherde nusgalyk arassaçylyk derejesiniň saklanmagyna, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň bellenen aralygyny geçip, ahyrky nokada — paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüniň ýanynda ýerleşýän pellehana geldi.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndada welosipedli ýörişler geçirildi. 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: