Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli pydagyň işgärlerine Gutlagyny iberdi.  5-nji iýunda bolsa Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Foruma Milli Geňeşiň wekilleri, tebigaty goraýyş düzümleriniň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, German halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini goramak, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler hemmetaraplaýyn şöhlelendirildi. Şeýle hem ählihalk bag ekmek çäreleriniň ähmiýeti barada bellenilip geçildi. Bu asylly işler halkymyzyň durmuşyna berk ornap, ilat tarapyndan uly goldawa eýe boldy.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: