«Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edildi

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi makullady. Bu barada TDH ýazýar.

Milli haryt nyşany baradaky Tertipnamanyň işlenip taýýarlanylmagy işiň birinji tapgyrydyr. Ol milli haryt nyşanyny ornaşdyrmak boýunça ýüze çykýan wezipeleriň tutuş toplumyny göz öňünde tutýar. Hususan-da, bu wezipeleri çözmek ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna tabşyryldy. Häzirki wagtda bu mesele çözüldi, bäsleşik yglan edildi.

Söwda-senagat edarasynyň berýän habaryna görä, bu bäsleşige döwlet we hususy düzümler, IT kompaniýalar, dizaýnerler, suratkeşler, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler. Şeýle hem ähli isleg bildirýänleriň işlerine-de garalar.

Milli nyşan owadan şekili hem-de gysgalygy, şol bir wagtyň özünde çuňňur manysy bilen tapawutlanýan we özünde watansöýüjilik pikirini jemleýän türkmen, iňlis we rus dillerindäki şygaryň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy taslamalar saýlanyp alnyp, degişli taslama tassyklanar.

Haýyşnamalara we taslamalara bellenilen görnüşlerde garamak göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda haýyşnamalaryň görnüşleri we bäsleşigiň şertleri ýerleşdirildi.

Ikinji tapgyr milli nyşany bermek baradaky Düzgünnamany işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Nyşany almak üçin harydyň hil we ekologik howpsuzlygy babatda ýokary standartlara laýyk gelýändigini subut etmek gerek bolar. Bu Düzgünnamada nyşany içerki we daşarky bazarlarda ulanmak baradaky maddalar hem göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygy köp babatda söwdany kadalaşdyrmagyň milli gurallarynyň halkara standartlara hem-de haryt alyş-çalyş tehnologiýalarynyň ösüşiniň uzak möhletleýin meýillerine esaslanýan maslahatlara laýyk gelmegine baglydyr.

“Türkmenistanda öndürilen” milli nyşanynyň döredilmegi ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, eksporty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we onuň görnüşlerini giňeltmäge uly mümkinçilikleri açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygyny baş maksat edinýän durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmaga ýardam berer.

Täzelikler

2022-06-24 / Beýlekiler

Halkara forumyň dowamynda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge bagyşlanan ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2022-06-23 / Beýlekiler

Mary welaýatynda döredijilik forumynyň açylyşy boldy

2022-06-22 / Beýlekiler

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

2022-06-21 / Beýlekiler

Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň «CNPC» korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

2022-06-19 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatyna bardy

2022-06-18 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti galla oragyna badalga berdi we Mary welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy

2022-06-17 / Syýasy

«Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edildi

2022-06-16 / Syýasy

Türkmen-eýran döwletara gatnaşyklary täze derejä çykarylýar

2022-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Eýrana sapar bilen bardy

2022-06-14 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: