Türkmenistanda Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna girişiler

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasy gurlar.

Bu çözgüde «içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy ýola goýmak maksady bilen» gelindi.

Taslamanyň sargytçysy Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasydyr.

Resminama laýyklykda, korporasiýa Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, “Serdar” elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary hem-de materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

“Ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalarynda döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýän elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönüden-göni ýardam berer. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde guruljak, ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etjek bu täze taslama täzeçilligi bilen hem ünsi özüne çekýär.

Täzelikler

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

2025-11-27 / Syýasy

Türkmenistan we Täjigistan energetika hem-de suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: