Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny ösdürmek meselelerine garaldy

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Bellenilişi ýaly, goňşy ýurtlara iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. 

Şunuňbilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň «Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama goşmaça Ylalaşygy baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny nygtady. Energiýa ulgamy diňe bir Diýarymyzyň çäginde elektrik energiýasynyň ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem ýardam etmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy diýlip, çeşmede bellenilýär. 

Täzelikler

2023-06-01 / Beýlekiler

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

2023-06-01 / Beýlekiler

Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumy elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy nazarlaýar

2023-05-31 / Beýlekiler

Elektroenergetika ulgamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek hakynda ylalaşyklar gazanyldy

2023-05-30 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly hasabatlary diňledi

2023-05-29 / Beýlekiler

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

2023-05-27 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli gutlady

2023-05-26 / Beýlekiler

Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi

2023-05-25 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini gutlady

2023-05-24 / Beýlekiler

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçirilýär

2023-05-23 / Beýlekiler

Türkmenistanyň başlangyjy bilen UNESCAP-yň Kararnamasy kabul edildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: