Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Türkiýä elektrik energiýasyny ibermek meselesine garamaga taýýardygyny tassyklady

16-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we ol ýerde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogana ýüzlenip we iri taslamalar barada aýdyp, gerek bolsa, Türkmenistanyň gaz turbasynyň gapdaly bilen Türkiýä elektrik toguny hem geçirmek meselesine garamaga taýýardygyny belledi.

Şonuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň köpüsini durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Täzelikler

2023-03-20 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisinde görkezilýän önümler bilen tanyşdy

2023-03-18 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2023-03-17 / Beýlekiler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Türkiýä elektrik energiýasyny ibermek meselesine garamaga taýýardygyny tassyklady

2023-03-16 / Beýlekiler

Energetika ministrliginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekili Türkmen-tatarystan işewürlik maslahatyna gatnaşdy

2023-03-15 / Syýasy

Teoretiki mehanika boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylary hasaba almak tamamlanyp barýar

2023-03-15 / Beýlekiler

Türkmenistan Parlamentara bileleşiginiň Assambleýasynyň hem-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň çärelerine gatnaşýar

2023-03-14 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

2023-03-13 / Beýlekiler

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyna bir ýyl boldy

2023-03-13 / Beýlekiler

2023-03-11 / Beýlekiler

Türkmenistanyň günbatarynda kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly elektrik stansiýasy gurlar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: