Ikitaraplaýyn türkmen-hytaý resminamalarynyň toplumyna gol çekildi

18-nji maýda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Hytaýa iş saparynyň birinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň arasynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda gümrük edaralaryň özära düşünişmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hyzmatdaşlyk, şeýle hem syýasy partiýalaryň alyş-çalyş etmegine gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.

Bu ylalaşyklar 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Pekina döwlet saparynyň dowamynda iň ýokary resmi derejede gol çekilen resminamalar toplumynyň üstüni doldurdy diýlip, çeşmede bellenilýär.
 

Täzelikler

2023-06-01 / Beýlekiler

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

2023-06-01 / Beýlekiler

Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumy elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy nazarlaýar

2023-05-31 / Beýlekiler

Elektroenergetika ulgamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek hakynda ylalaşyklar gazanyldy

2023-05-30 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly hasabatlary diňledi

2023-05-29 / Beýlekiler

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

2023-05-27 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli gutlady

2023-05-26 / Beýlekiler

Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi

2023-05-25 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini gutlady

2023-05-24 / Beýlekiler

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçirilýär

2023-05-23 / Beýlekiler

Türkmenistanyň başlangyjy bilen UNESCAP-yň Kararnamasy kabul edildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: