Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy magistratura talyplyga kabul edýändigini yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy 2023/2024-nji okuw ýyly üçin magistr bilim maksatnamasy boýunça taýýarlygyň iki ugruna talyplyga kabul edýändigini yglan etdi.

1.    Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: sanly dolandyryş; döwlet dolandyryşy). 

2.    Hukuk işi (taýýarlygyň ugry: konstitusiýa hukugy). 

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Akademiýa taýýarlygyň «Sanly dolandyryş» ugry boýunça kompýuter tehnologiýalary, ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň «Döwlet dolandyryşy» ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň «Konstitusiýa hukugy» ugry boýunça hukuk çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 16 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň salgysy: Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, 

Telefon belgileri: (+99312) 49-84-76, 49-88-46.

Täzelikler

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: