Türkmenistanyň senagat boýunça wise-premýeri Koreýa Respublikasynyň premýer-ministri bilen duşuşdy

Seulda saparda bolýan, türkmen Hökümetiniň energetika, gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow 17-nji iýulda Koreýa Respublikasynyň premýer-ministri Han Dok Su bilen duşuşdy diýip, «orient» saýty koreý KHBS-ne salgylanmak bilen habar berýär.

Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň senagat hem-de gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Han Dok Su ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi we koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky iri düzümleýin taslamalara has işjeň gatnaşmaga hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga isleg bildirýändigini belledi.
 

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: