Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guralýan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.

Sergä gurluşyk serişdelerini öndürýän kompaniýalaryň, azyk, lukmançylyk senagaty, ýol gurluşygy, oba hojalygy, nebitgaz we himiýa pudaklary, ulag-logistika, aragatnaşyk, gämigurluşyk ulgamlary hem-de söwda hyzmatlary üçin dürli enjamlar bilen üpjün edijileriň 100-e golaýy gatnaşýar.

Gurluşyk senagaty, nebitgaz we energetika pudagy, ýol-ulag ulgamynyň tehnikalarynyňdyr enjamlarynyň nusgalary, metal gurnawlar, alýuminden we plastik önümlerden profiller, bezeg, timarlaýyş serişdeleri, hasaplaýyş hem-de paýlaýyş ulgamlarynyň çylşyrymly enjamlary görkezilýän diwarlyklar serginiň agramly bölegini eýeledi. 

«Saba Energy», «Hazar elektrik» kompaniýalary energetika ulgamyndaky hyzmatlaryny hödürleýärler.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: