Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

"Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekillerini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçilerini özünde jemleýän bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn", - diýlip döwlet Baştutanymyzyň resmi metbugatda çap edilen Gutlagynda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilimde, ylymda we innowasiýalarda, medeniýetde, sungatda ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bu forumyň esasy maksady bolup durýar.

Täzelikler

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: