Türkmenistanyň Energetika ministrligi 2012-nji ýylda döredilip öz içine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyny, “Türkmenenerogurluşyk” konsernini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny we onuň tabynlygyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezini, “Türkmenenergotaslama” institutyny, Maýa goýum we tehnologiýa taslamalarynyň döwlet seljeriş müdirligini, Energohyzmat birleşigini, Aşgabat Energetika orta hünär okuw mekdebini we Mary şäherindäki 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebini alýar. Türkmenistanyň Energetika ministrligi elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan merkezi edara bolup durýar.

Täzelikler

2026-11-06

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

Türkmenistan ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin niýetlenen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek boýunça halkara kompaniýalary bilen deslapky gepleşikleri geçirýär. Bu barada ýurdumyzyň Energetika ministriniň...

Dowamy

2026-10-20

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

«Türkmenistanyň nebit we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahata we sergä hasaba alyş tamamlandy. Çärä 75 ýurtdan 450 kompaniýa wekilçilik edýän...

Dowamy

2026-09-30

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow 18-nji sentýabrda Yslamabat şäherindäki “Serena” myhmanhanasynda Lahor Söwda-senagat edarasy (LCCI) tarapyndan guralan “Ambassadors’ Dinner 2026” çäresinde çykyş edip,...

Dowamy

2026-09-09

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

 Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň...

Dowamy

2026-09-08

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli...

Dowamy

2026-08-28

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudela hem-de ýurduň Premýer-ministri Balendra Şaha ýurduň demirgazyk sebitinde emele gelen suw joşgunlarynyň...

Dowamy

Hyzmatdaşlarymyz