Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Deputatlaryň BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalarynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy. Mejlisiň wekili Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen çärä gatnaşmak üçin iş saparynda boldy. Mejlisiň deputatlary Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň pudaklaryň öňünde goýan wezipeleriniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, kabul edilen çözgütleriň maksatlaryny we many-mazmunyny, Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek boýunça geçirilen çärelere gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary düzgünleşdirmek bilen bagly görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi innowasion taýdan ösdürmek baradaky başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan bu ulgamda halkara şertnamalaryň 15-sine goşulyp, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy we Ýewraziýa Patent Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenildi. Maksatnamanyň çäklerinde 2023-nji ýylda “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin alynýan ýygymlaryň möçberi we olary tölemegiň Tertibi Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: