Energetikleriň ynamly gadamlary

Eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokary derejä çykarmak işi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem öz mynasyp dowamyny tapýar. Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» Döwlet elektrik stansiýasynda bitirilýän işler hem diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurduň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülip, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny dünýä äşgär eden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün ajaýyp şäheri ýadyňa salýar. Bu jenneti künjekde gurlup ulanyşa berilýän myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şundan ugur alnyp gurlan «Awaza» döwlet elektrik stansiýasy kuwwatly gaz turbinalary we beýleki zerur enjamlar bilen birkemsiz üpjün edildi. Her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýda işläp bilmegi bu häzirki zaman desgasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologik elektron enjamy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, bu ýerdäki önümçilik desgalarynda emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar. Hut şonuň üçin bu beket halkara ülňülere we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň welaýatyň energetika ulgamy barada edýän irginsiz aladalaryndan hoşal bolýan bu elektrik bekediniň hünärmenleri şu ýylyň geçen alty aýynda 597,2 million kilowat-sagada barabar elektrik toguny sarp edijilere ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Bu görkeziji şu ýylyň geçen döwrüniň meýilnamasynyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: