Yslamabatda Türkmenistanyň ulag we energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy boýunça çykyş edildi

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Strategiki ylmy-gözleg we derňew instituty (ISSRA) tarapyndan Milli Logistika korporasiýasy (NLC) bilen bilelikde guralan «Sebitleýin söwda we özara arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak» atly halkara maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy tarapyndan habar berildi.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow duşuşykda çykyş edip, ýurduň daşary syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ulag we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny barada gürrüň berdi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan uly goldawa eýe bolan hem-de energiýa we ulag howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň hökümetiniň döredijilikli başlangyçlary, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilendigi barada aýtdy.

Maslahata gatnaşyjylara 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda amala aşyrylan Türkmenistan we Owganystan serhedinde möhüm energiýa we ulag taslamalarynyň gurluşygyna başlamak dabarasy barada taýýarlanan çykyşlar görkezildi.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitde parahatçylygyň we ynamyň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygy bellenildi. Şeýle hem, türkmen ilçisi Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda ulag we üstaşyr gatnawlary giňeltmek syýasaty barada gürrüň berdi.

Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ilçileri, şeýle-de pakistanly we daşary ýurtly ykdysady öwreniş hünärmenleri hem çykyş etdiler. Çykyş edenler Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda, ykdysady gatnaşyklaryň ägirt uly geljegi barada söhbet etdiler hem-de bu mümkinçilikleri ulanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Pakistanyň nebit we suw serişdeleri ministri Musadik Masud Malik sebitdäki ýurtlaryň möhüm energiýa çeşmelerine bolan elýeterliligini üpjün etjek sebitara arabaglanyşygy berkitmäge çagyrdy. Ol turbageçirijiler, ulag we energiýa geçelgeleri ýaly taslamalaryň kömegi bilen sebitdäki ýurtlar energiýa çeşmeleriniň durnukly we köpugurly üpjünçiligini ýola goýup, energiýa howpsuzlygyny pugtalandyryp biljekdikleri barada belläp geçdi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: