Döwlet Baştutanymyz köpugurly işewür merkezli «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpuguriy işewür merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ýene-de bir ajaýyp ýerleriniň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täzeçil strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýän hem-de ýäşamak üçin has oňaýly döwrebap şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdýň nyşanlary bolup durýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Turkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli oňyn daşary syýasy ugry, onuň çäk taýdan amatly—Ýewraziýa we yklymara gatnaw ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşmegi ýurdumyzyň hem-de sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde baş şäheriniň abraýyny barha belende galdyrýar. Bu ýerde iri çäreleri we forumlary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezinde ýerleşen eziz Watanymyz häzirki wagtda bu meşhur ýoly täze taryhy ýagdaýlarda gaýtadan dikeltmek işine işjeň gatnaşýar.

Şonuň bilen birlikde, Aziýanyň hakyky merjeni bolan Aşgabat işewürlik we syýahatçylyk merkezine öwrülip, daşary ýurtly myhmanlaryň barha köpüsini özüne çekýär. Şeýlelikde, «Garagum» myhmansöýerligiň, döstlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Bularyň ählisi bolsa, türkmen halkynyň gadym döwürlerden bäri şan-şohrata eýe bolan häsiýetleridir.

 

Çeşme: www.tdh.gov.tm

Täzelikler

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: