Aşgabatda YHG-niň agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler.

Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň başynda YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşogly çykyş etdi. Soňra YHG-nyň Baş sekretary Hysraw Nozirä söz berildi. Öz çykyşynda ol mejlise gatnaşyjylary mähirli garşylady we YHG-niň işleriniň häzirki ýagdaýy barada maglumat berdi.

YHG-niň agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda birnäçe ýyllaryň dowamynda mejlisiň geçirilmegi YHG-niň çäklerinde döwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek hem-de beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli usullaryň biri bolup durýandygy barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň YHG-de başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda 2021-nji ýyl üçin birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Olaryň içinde agza-ýurtlarda maýa goýum hereketleriniň işjeňleşdirilmegi, erkin söwda-ykdysady zolaklarynyň, täze ykdysady geçelgeleriň döredilmegi, durnukly energetika, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyndan ybaratdyr.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde YHG-niň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň çykyşlary hem-de Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Mejlise gatnaşyjylar YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň sebitleýin taslamalary boýunça tekliplere (2021-2022-nji ýyllar) seredip geçdiler. Onda Guramanyň häzirki dowam edýän maksatnamalary we taslamalary hem-de hasabat berilýän döwürde gazanan ykdysady ugurdaky üstünlikleri beýan edilendir. Gün tertibine şeýle hem YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli Garaýşy: Ösüş we baha bermek atly Ortamöhletli synyna seretmek, YHG-nyň arassa energiýa boýunça Merkeziniň döredilmegi baradaky Hartiýasynyň kabul edilmegi ýaly ugurlar girizildi we YHG-nyň Ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, sebitleýin institutlarynyň hem-de degişli edaralarynyň ýyllyk hasabatlary diňlendi.

Gepleşikleriň esasy temalarynyň biri 15-nji Sammitine görülýän taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri boldy. Bu ugurda ýokary derejeli duşuşygyň Gün tertibiniň, Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň, şonuň ýaly-da çäräniň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalary boýunça pikirler alşyldy.

Mejlisiň çäklerinde şeýle hem YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji duşuşygynyň hasabaty kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda birnäçe resminamalara, şol sanda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek dabarasy geçirildi.

 

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

2025-02-11 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy

2025-01-30 / Syýasy

Halkara energetika hartiýasynyň Baş sekretary TEIF 2025 forumynda ekologiýa maksatnamasy bilen tanyşdyrar

2025-01-17 / Syýasy

Türkmenistan Tähranda geçiriljek gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça halkara sergisine gatnaşmaklyga çagyryldy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: