Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbede geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşdy

Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrler derejesinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumy 14-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Forumyň işine «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we sanly tehnologiýalar pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk nobatdaky Forumyň gün tertibine girizildi.

Forumyň barşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary pandemiýanyň netijelerini, şeýle-de sebit we ählumumy prosessleri nazara almak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini we maksadaokgunlylygyny nygtamak bilen, bu formatyň döwletleriniň halkara giňişligindäki syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny hem aýratyn belläp geçdi.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy, şol sanda nobatdaky duşuşygyň gün tertibinde bellenen meseleleriň ählisi boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işini hem şöhlelendirdi. Ýurduň «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösüşine, şol sanda energetika we senagat ýaly pudaklaryň tebigaty goraýjy ulgamlarynyň giňeldilmegine goşýan ähmiýetli goşandy hem aýratyn bellendi. Mundan başga-da, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan bilelikdäki hereketleriň, şol sanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreşiň derwaýys meseleleri barada hem nygtalyp geçildi.

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri barada aýdyp, R.Meredow Türkmenistanyň halkara bileleşigi tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnuklylygyň we parahatçylygyň gazanylmagyna we onuň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hereketlerini, dawaly ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan çäreleri goldaýandygyny belledi.

Bu ugurda, Daşary işler ministri Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna oýlanşykly we netijeli gatnaşmaga berk ygrarlylygyny hem aýratyn belläp geçdi.

Şeýle-de 14-nji hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde, Duşanbede Foruma gatnaşyjy-ýurtlaryň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we işewürler toparlarynyň wirtual görnüşde gatnaşmaklarynda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň birinji Işewürler Forumy hem geçirildi.

 

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: