Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbe şäherinde işjeň duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi

«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar golaýda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji Sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda, köptaraplaýyn duşuşygyň bu abraýly halkara guramasynyň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikirleriň alyşylmagy üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edendigi bellenilip geçildi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň derwaýys meselelerine geçmek bilen, taraplar türkmen-täjik özara hereketleriniň yzygiderli ösdürilýändigi nygtadylar. Ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giňeldilmegine, şol sanda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklary hem beýan edildi.

Şonuň ýaly-da, saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý Ýon bilen hem gepleşikleri geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Bu ugurda diplomatlar yzygiderli köpugurly konsultatiw meýdança hökmünde çykyş edýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň işine ýokary baha berdiler. Şunda onuň energetika, infrastruktura, ulag we logistika, ylym we tilsimatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, sanlylaşdyrmak, dokma we tokaý senagaty, oba hojalygy, howanyň üýtemegi we daşky gurşaw, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky özara hereketler ýaly ugurlar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýetli goşant goşýandygy hem nygtaldy.

 

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

2025-02-11 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy

2025-01-30 / Syýasy

Halkara energetika hartiýasynyň Baş sekretary TEIF 2025 forumynda ekologiýa maksatnamasy bilen tanyşdyrar

2025-01-17 / Syýasy

Türkmenistan Tähranda geçiriljek gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça halkara sergisine gatnaşmaklyga çagyryldy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: