Türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň binasynda onlaýn görnüşde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. 

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny ösdürmäge bagyşlanan mejlisiň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli meseleleriň birnäçesi barada pikir alşyldy.

Toparyň ýolbaşçylary mejlisi açyp, deňhukukly we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de barha ösýän ugurlary barada çykyş etdiler.

Mejlisiň dowamynda taraplar gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň mukdarynyň öňkiden hem artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de öňde duran möhüm wezipeler barada hem pikir alyşdylar. 

Türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisinde senagat, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda aýratyn hem ýurtlaryň arasyndaky Hazar deňzine çykalga bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen ulag geçelgesi boýunça ikitaraplaýyn işleri alyp barmak barada teklipler aýdyldy. 

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan nobatdaky mejlisde ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar bu babatda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Türkmen-gyrgyz halklaryny birek-biregiň geçmiş taryhy, medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alnyp, bilelikdäki çäreleri alyp barmagy ösdürmegiň zerurdygy bellenildi. Sport we syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydyklaryny beýan edip, biziň ýurtlarymyzyň hem-de doganlyk halklarymyzyň bähbidine oňyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary, geňeşmeleri we gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Täzelikler

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

2025-05-27 / Syýasy

Tejen etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: