Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bahalary 50% -e çenli arzanlatmak üçin çäreler görüler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Wise-premýer Ç.Gylyjowa 25-nji dekabrdan başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramak, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmak tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramak tabşyryldy.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: