Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegini maslahatlaşdylar

28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy - ýurtlaryň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan saparynyň barşynda Sankt - Peterburg şäherinde onuň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky parlamentara hereketleriniň depginine hem aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti we rus parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şol döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky teklip hem beýan edildi.

Zenanlaryň Dialogynyň dünýä syýasatyndaky özara hereketleriň platformasy hökmünde BMG-niň derejesinde hem uly geljeginiň bardygy bellenilip geçildi. Bu ugurda, söhbetdeşler BMG-niň Baş Assamblýeýasynyň Zenanlaryň döwlet hem-de halkara işlerindäki işjeňliginiň ýokarlandyrylmagynda Dialogyň ähmiýetini aýratyn öňe çykarýan ýörite kararnamasynyň taýýarlanylmagynyň maksadalaýyklygyny hem nygtadylar.

Gepleşigiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli gutlady we oňa jan saglygyny hem-de alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: